Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Gazagystany maşgala zorlugynyň pidalaryny goramak üçin gyssagly çäreleri görmäge çagyrýar


Gazak häkimiýetleri protestçi aýallary tussag edýär. Arhiw suraty

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy gazak hökümetini maşgaladaky zorlugyň aýal pidalaryny goragsyz we goldawsyz goýýan kanun boşluklaryny doldurmak üçin “gyssagly çäreleri” görmäge çagyrdy.

Hukuk topary 17-nji oktýabrdaky gysgaça hasabatynda Gazagystanda “aýallaryň adalatlylyk üçin goragynyň we serişdesiniň ýeterlik däldigini” aýtdy.

“Gazagystanyň aýallary zorlukdan goramagy üçin has degerli çäreleri görmegi gerek, emma muňa derek aýallar ejir çekmegini dowam etdirýär” diýip, HRW-nyň Merkezi Aziýa boýunça ylmy barlagçysy Wiktoriya Kimiň beýanatynda aýdylýar.

“Hökümet kömek bermek borçnamalaryny täzeledi, ýöne şol bir wagtda-da aýallara we ezijilere maşgaladaky gödeklikleriň çynlakaý zat däldigi hakynda yşarat edýär” diýip, ol aýtdy.

Bu ýurt 2009-njy ýylda maşgaladaky zorluklar hakynda kanun kabul edip, bu meseläni çözmäge çalyşdy. Bu kanun esasynda maşgalada zorluga uçran aýala, ejir çeken bilen ezýet berijiniň arasyny belli bir wagt içinde açmak üçin, 30 güne çenli pena we beýleki kömekler berilýär.

Tankytçylar bu kanunyň netijesiz bolandygyny, sebäbi onda maşgala zorlugynyň jenaýat hökmünde kesgitlenilmeýändigini aýdýarlar.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iýundaky saýlawlarda ýeňiji bolandan soň eden ilkinji çykyşynda hökümetiň jynsy zorluklar we aýallara garşy maşgala zorluklary üçin berilýän jezalary gyssagly ýagdaýda berkitmeginiň gerekdigini aýtdy.

HRW maşgala zorluklarynyň bidalary, aktiwistler, kanun işgärleri bilen geçirilen söhbetdeşliklere salgylanyp, gäzak häkimiýetleriniň “zorluklaryň öňüni almak ýa-da sütemkeşleri jogapkarçilige çekmek işlerine geleňsiz garaýandyklaryny” aýtdy.

Aýallar polisiýanyň köplenç özlerine şikaýat arzalaryny yzyna almagy we sütemkeş bilen ýaraşmagy maslahat berýändiklerini aýdýalar diýip, hasabatda belleinilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG