Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada ok atyşygyň togtadylandygyna garamazdan, Ras al-Aýnda atyşygyň dowam edendigi aýdylýar


17-nji oktýabrda türk we kürt güýçleriniň arasyndaky söweşiň merkezi hasaplanýan Ras al-Aýn şäherinden goýy tüsse asmana galdy.

Birleşen Ştatlaryň araçylyk etmeginde ok atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşygyň gijäň ýary güýje girendigine garamazdan, 18-nji oktýabrda Siriýanyň Türkiýe bilen serhedindäki demirgazyk-gündogar şäheri Ras al-Aýnda we onuň töwereginde atyşyk dowam etdi.

Türk we kürt güýçleriniň arasyndaky söweşiň merkezi hasaplanylýan bu şäherden goýy tüsse asmana galdy. Şol bir wagtda, serhet ýakalarynyň beýleki böleklerine asudalyk aralaşyp, ok atyşygyň bolandygy eşidilmedi.

Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary obserwatoriýasy Ras al-Aýnda wagtal-wagtal çaknyşyklaryň bolandygyny, ýöne 17-nji oktýabr gijesinden bäri serhediň beýleki böleklerinde asudalygyň agdyklyk edýändigini habar berdi.

17-nji oktýabrda ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens Ankarada türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen gepleşik geçireinden soň, Türkiýe kürtleriň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň serhet ýakalaryndan çekilmegi üçin demirgazyk Siriýada atyşygy bes etmäge razy boldy diýdi.

"Şu gün Birleşen Ştatlar we Türkiýe Siriýada atyşygy bes etmek barada ylalaşdy” diýip, Pens türk paýtagtynda guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol bu sebitde bäş günläp “harby çärelere arakesme beriljekdigini” we Birleşen Ştatlaryň kürtleriň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň serhetdäki “demarkasiýa liniýasyndan” 32 kilometr aralyga “düzgünli çekilmegi” üçin ýardam berjekdigini aýtdy.

"Men bu eýýäm başlandy diýip hem bilerin” diýip, Pens sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biz operasiýany togtadýarys. Bu ýaraşyk däl” diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu biraz soňra žurnalistlere aýtdy. Ol hüjümiň diňe “terrorçylar” serhet zonasyndan doly çekilen wagtynda hemişelik togtadyljakdygyny hem sözüne goşdy.

Siriýanyň Kürt-Demokratik güýçleriniň komandiri özleriniň “atyşygy bes etmek düzgünlerini berjaý etmäge taýýardyklaryny” aýtdy.

Mazloum Abdi Kürt TW stansiýasyna atyşygy bes etmegiň Tal Abýad şäherinden Ras al-Aýn şäherine çenli aralykda 100 kilometri öz içine alýandygyny aýtdy.

Türkiýe bu sebitdäki gury ýer hüjümlerine dokuz gün öň başlady. Ankara özüniň bu ýeri kürt milisiýa güýçlerinden arassalamak we siriýaly bosgunlary gaýtadan ýerleşdirmek üçin howpsuzlyk zonasyny döretmekisleýändigini aýtdy. Türkiýe bu ýerde söweşýän kürt güýçlerine “terrorçylar” hökmünde seredýär.

Bu hüjüm prezident Trampyň geçen hepde birden demirgazyk-gündogar Siriýadaky ABŞ güýçlerini ol ýerden çykarmak barada gelen kararynyň yz ýanyna gabat geldi. ABŞ güýçleri bu ýerde “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy söweşýän kürt güýçlerine goldaw berýärdi.

ABŞ prezidenti biraz soň, bu hüjüm üçin Türkiýä garşy sanksiýalary girizdi we soňy bilen “Türkiýäniň ykdysadyýetini weýran etjek” has beter çäklendirme çärelerini görjegini aýdyp, haýbat atdy.

17-nji oktýabrda yglan edilen ylalaşyk habaryny Birleşen Ştatlar, Türkiýe we kürtler üçin “beýik gün” hökmünde gutlamak bilen, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp indi Türkiýä garşy girizilen sanksiýalaryň zerur bolmajakdygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG