Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kongresiniň metbugat azatlygy topary täjik prezidentine aladaly hat ýazdy


Adam Şiff

ABŞ Kongresiniň metbugat azatlygyna berlen kanun çykaryjylary AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň žurnalistlerine, öz sözleri bilen aýtsak, yzygiderli azar berilmeginden we haýbat atylmagyndan alada bildirip, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmona hat ýazdylar.

9-njy oktýabrda ýazylan hatyň aşagynda Kongresiň Wekiller öýündäki Metbugat azatlygy toparynyň egindeş başlyklary Adam Şiff (Schiff) (Demokrat-Kalifornia)we Steve Çabot (Respublican-Ohio) gol çekipdir.

Olar dowam edýän hökümet çäklendirmeleriniň, şol sanda Ozodi radiosynyň ýerli žurnalistlerine iş ygtyýarnamasyny bermekden boýun gaçyrylmagynyň bu gullugyň “anyk we garaşsyz habarlar bilen üpjün etmegine” päsgelçilik döredýändigini, şol bir wagtda Täjigistanyň “öz milli media gözegçileriniň” bu radionyň websaýtyny ýurtda öňdebaryjy habar serişdesi “hasaplaýandyklaryny” aýtdylar.

Kanun çykaryjylar Ozodi radiosynyň žurnalistlerine we goldawçy işgärlerine iş rugsadynyň berilmezliginiň dokuz mysalyny getirýärler we bu hereketleriň “Ozodi radiosynyň garaşsyz žurnalizmini çäklendirmek we oňa täsir ýetirmek üçin” ulanylmagyndan howatyr edýändiklerini aýdýarlar.

Schiff we Çabot eger-de “Ozodi radiosynyň žurnalistlerini ýanamak dowam etse”, munuň “ABŞ-Täjik gatnaşyklaryna we Täjigistanyň at-abraýyna zyýan ýetirjekdigini” aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG