Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde orun aldy


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan

Ermenistan 193 ýurtdan 144 ses alyp, BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň täze 14 agzasynyň biri boldy.

Ermenistan we Polşa 17-nji oktýabrda gizlin ses berişlikde zerur bolan sesleri alyp, 47 orunly geňeşiň Gündogar Ýewropa regiony boýunça elýeterli bolan täze iki ornuna saýlandy, emma Moldowa ornuny ýitirdi.

“Bu halkara jemgyýetçiliginiň biziň ýurdumyza bildirýän uly ynamyndan nyşan, hususan-da adam hukuklary meselesinde” diýip, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan öz feýsbuk sahypasynda ýazdy.

Indoneziýa, Ýaponiýa, Marşal adalary, Günorta Koreýa Aziýa-Ýuwaş okean regiony boýunça dört orny utdy, Yrak ýeterlik ses almady.

Liwiýa, Mauritaniýa, Namibiýa weSudan Afrika sebiti boýunça orunlary utsa, Germaniýa we Niderlandiýa öz regionlary üçin saklanan iki orun bilen sylaglandy.

Wenezuela we Brazil Latyn Amerikasy we Karib sebitleri üçin orunlary utdy. Wenezuelanyň kandidatlygy, Karakasda prezident Nikolas Madura tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän hökümetiň adam hukuklaryny bozmagy zerarly, günbatar ýurtlarynyň köpüsi tarapyndan tankytlandy.

Sosialist prezident hökümete garşy tutaşan köpçülikleýin protestler arasynda häkimiýetde galmak üçin adam gynamalaryna, sudsuz adam öldürmäge, adamlary gorkuzmaga ýüz urmakda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG