Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek şahyryna Türkiýeden ‘gadagan’ kitaby getireni üçin şertli ýyl kesildi


Mahmud Rajab

Özbegistanyň Horezm sebitiniň sudy şahyr we blogçy Mahmud Rajaba gaçakçylyk we köpçülikleýin bidüzgünçiligi gurnandygy üçin diýip 27 aý şertli tussaglyk hökükümini çykardy. Horezm oblastynyň sudy 18-nji oktýabrda Rajaby günäli tapdy we şol günüň özünde hem hökümini çykardy.

Gaçakçylykda aýyplanan Rajab aprel aýynda Türkiýeden gelende, serhet goragçylary onuň ýany bilen getiren birnäçe kitabyny konfiskasiýa etdiler.

Sülçüler bu kitaplaryň Özbegistanda gadagandygyny aýtdylar we onuň garşysyna derňew işini açdylar. Rajab we onuň onlarça goldawçysy sentýabrda Daşkende tarap protest ýörişine başlady, olar paýtagtda içeri işler ministri bilen duşuşyp, bu jenaýat işiniň ýapylmagyny talap etmekçi boldular.

Polisiýa bu ýörişi togtatdy we Rajaby hem onuň 20 çemesi garyndaşyny, goldawçylaryny tussag etdi. Olaryň ählisi jemgyýetçilik çärelerini geçirmek düzgünlerini bozmakda günäli tapyldy we her biri 10 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Rajabyň goldawçylarynyň biri, iňlis dili mugallymy we blogçy Nasofat Olloşukurowa 10 gün türme möhletini tamamlandan soň, zor bilen Horezmdäki ruhy hassahana ýerleşdirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG