Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň agtygyna London polisiýasynyň ofiserini urany üçin şertli tussaglyk berildi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýaw BSG-nyň Baş geňeşinde çykyş edýär. Ženewa, 27-nji iýul, 2015.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýaw BSG-nyň Baş geňeşinde çykyş edýär. Ženewa, 27-nji iýul, 2015.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýawiň agtygyna Londonda polisiýanyň seržantyny dişländigi üçin 18 aý şertli tussaglyk hökümi çykaryldy.

Londonyň Southwark Crown sudy 18-nji oktýabrda 29 ýaşyndaky Nazarbaýewi neşekeşlikden bejergi almagy dowam etdirmäge, 140 sagatlyk jemgyýetçilik işini etmäge, 1 müň pound ($1,285) jerime tölemäge, ýetiren zyýanlary üçin 5 müň pound ($6,420) öwez puly tölemäge hem borçly etdi.

Sud dokumentlerinde aýdylmagyna görä, Aýsoltan Nazarbaýew 5-nji iýunda merkezi Londondaky Covent Gardende ýerleşýän kwartiranyň balkonynda gygyryp durka saklandy. Sülçüler onuň Kseniýa Şewelýowanyň kwartirasyna balkondan girene meňzeýändigini aýdýarlar.

Şewelýowa bu ýaş ýigidi tanamaýandygyny aýdýar. Aýsoltan Nazarbaýew Şewelýowanyň balkonyndaky we kwartirasyndaky mebellere zeper ýetirdi.

Ol kwartira jaýlarynyň üçegine dyrmaşyp çykdy we ol ýerden başga bir aýalyň balkonyna bökdi. Ol aýal şondan soň polisiýany çagyrdy.

Polisiýa ofiseri, seržant Ross Sambrook Nazarbaýaewi ol aýalyň jaýyna balkondan girmekden saklamaga çalyşdy, emma ol ony diňlemän, hüjüm edip, elinden dişledi.

XS
SM
MD
LG