Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan metjidiniň partlamasynda azyndan 69 adam öldi


Metjit partlamasynda ýaraly bolan oglany hassahana alyp barýan adam. 18-nji oktýabr, 2019.
Metjit partlamasynda ýaraly bolan oglany hassahana alyp barýan adam. 18-nji oktýabr, 2019.

Gündogar Owganystanda 19-njy oktýabrda bir gün öň juma namazy wagtynda metjitde bolan partlamanyň pidalary jaýlandy. Resmiler bu partlamada azyndan 69 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar.

18-nji oktýabrda Nangarhar welaýatyndaky Çodary metjidinde partlama bolanda, ol namaz okamaga gelen adamdan doludy diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Sohrab Kaderi 19-njy oktýabrda aýtdy.

"69 adamyň jesedi, şol sanda çagalaryň we garrylaryň jesetleri hossarlaryna berildi” diýip, Kaderi entek harabalygyň aşagynda galan jesetleriň hem tapylmagynyň mümkindigini sözüne goşdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan topar tapylmady. Emma bu sebitde hem “Talyban”, hem-de YD jeňçileri aktiw hereket edýär.

Emma muňa garamazdan, “Talybanyň” sözçüsi bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi we ony ony “agyr jenaýat” diýip atlandyrdy.

ÝB bu hüjümiň Owganystanda parahatçylyk we ýaraşyk üçin edilýän tagallalary gowşatmagy maksat edinendigini aýtdy.

Bu waka BMG-niň uruşdan tozan ýurtda asuda adamlaryň öldürilmeginiň şu tomusda “görülmedik derejä” çykandygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG