Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň altyn käninde azyndan 15 işçi heläk boldy


Krasnoýarsk bendindäki weýrançylyk
Krasnoýarsk bendindäki weýrançylyk

Sibir sebitindäki Krasnoýarsk ülkesinde altyn känindäki bendiň çökmegi netijesinde azyndan 15 magdançy öldi diýip, Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi aýtdy.

Agyr ýagan ýagyşlar bendiň gowşamagyna we 19-njy oktýabrda irden synmagyna, netijede magdançy işçileriň ýaşaýan birnäçe külbesini syryp gitmegine sebäp boldy diýip, Interfaks ýerli resmä salgylanyp habar berdi.

Orsýetiň Saglyk ministrligi 14 magdançynyň hassahana alnyp gidilendigini, olaryň üçüsiniň agyr ýaraly bolandygyny aýtdy.

Orsýetiň Derňew komiteti beýanat çap edip, altyn käninde howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy bilen baglylykda jenaýat derňewini açandygyny aýtdy.

AFP-niň maglumatyna görä, bent Sibzoloto holding kompaniýasyna degişli bolup, bu gurama henize çenli bolan hadysa boýunça hiç bir beýanat etmedi.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi gözleg we halas ediş çärelerine 270 adamyň çekilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG