Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku polisiýasy protest ýygnanyşygynda onlarça aktiwisti tussag etdi


Baku. Polisiýa protest bildirýän aktiwistleri alyp gidýär. 19-njy oktýabr, 2019.

Polisiýa 19-njy oktýabrda Azerbaýjanyň paýtagtynda bolan protestden öň we protest mahalynda onlarça oppozisiýa aktiwistini tussag etdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, demonstrasiýa 200-den hem azrak adam gatnaşdy we 60 adam tussag edildi. Häkimiýetler tussag edilenleriň 42-siniň "duýduryş" bermek bilen azat edilendigini aýtdylar.

Sosial mediada peýda bolan wideolar polisiýanyň demonstrasiýaçylary kowmak üçin güýç ulanýandyklaryny, käte olar urýandygyny görkezýär.

Protest Demokratik güýçleriň milli geňeşi (DGMG), Azerbaýjandaky oppozisiýa toparlarynyň bileleşigi tarapyndan guraldy we oňa häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berilmedi.

Oppozisiýadaky Halk fronty partiýasynyň lideri Ali Kerimli hem protestden biraz öň tussag edilen birnäçe aktiwistiň biri boldy.

Polisiýa Kerimliniň giçlik boşadylandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň derňewçi žurnalisti Hatyja Ysmaýylowa polisiýanyň demonstrasiýanyň öň ýanynda metro stansiýalarynyň üçüsini petikländigini, munuň adamlaryň protest meýdançasyna toplanmagynyň öňüni almak üçin bilkastdan edilen işe meňzeýändigini aýtdy. Şeýle-de ol şäheriň köp ýerinde internet hyzmatynyň petiklenendigini aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" (HRW) guramasy Azerbaýjanyň häkimiýetlerini oppozisiýa parahatçylykly ýygnanyşmak mümkinçiligini bermeýändigi üçin tankyt etdi.

"Azerbaýjanyň häkimiýetleri ýurtda ýygnanyşmak azatlygyna görnetin ýigrenjini görkezmegini dowam etdirýär" diýip, HRW-yň Günorta Kawkaz bölüminiň direktory Giorgi Gogia twitterde galdyran ýazgysynda aýtdy.

Protestçiler syýasy tussaglaryň azat edilmegini, tebigy gazyň we elektrik togunyň tölegleriniň azaldylmagyny talap etdiler.

Bu basyp ýatyryş Bakuwda 8-nji oktýabrda ýygnanyşmak azatlygy hukugyna goldaw üçin geçirilen protestiň yz ýanyna gabat geldi. Şonda DGMG tarapyndan gurnalan protestde birnäçe adam tussag edildi.

Prezident Ylham Alyýew 10 milliona golaý ilatly günorta kawkaz ýurduna 2003-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, ol kakasy, prezident Haýdar Alyýew ýogalmazyndan biraz öň häkimiýet başyna geldi.

Alyýew ýurduň raýat jemgyýetini yzygiderli dargytmakda tanaldy. Onlarça aktiwist, žurnalist, adam hukuklaryny goraýjy tussag edildi we, tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, galplaşdyrylan, syýasy äheňli aýyplamalar esasynda türmä basyldy. Şeýle-de ýurtda garaşasyz metbugat neşirleri ýapyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG