Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürt güýçleri serhet ýakasyndan çekiljekdigini aýdýar, Türkiýe öz diýenini berk tutýar


SDG-niň resmisi Redur Khalil
SDG-niň resmisi Redur Khalil

Siriýanyň kürt milisiýasynyň uly derejeli resmisi öz güýçleriniň, türk ýolbaşçylygyndaky güýçler galan kürt güýçlerine we söweşýän şäherdäki asuda adamlara çykmaga ýol berse, ABŞ araçylygynda gelnen ylalaşygyň şertlerini berjaý etmek üçin, demirgazyk-gündogar Siriýadaky serhet sebitinden çekiljekdigini aýtdy.

Bu beýanat Türkiýäniň Siriýa bilen serhedinde baglaşylan gowuşgynsyz ýaraşygyň bozulmalarybaradaky habarlardan soň, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan kürt güýçleriniň Ankaranyň harby çäre görýän ýerlerinden çekilmegine wagt bermek üçin söweşi togtamaga razy bolmanyndan iki gün soňra peýda boldy.

Siriýanyň Demokratik güýçleriniň, sebitde “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşmek üçin ABŞ ýaraglary bilen üpjün edilen toparyň resmisi Redur Khalil 19-njy oktýabr güni giçlik SDG-niň goşunlarynyň türk-siriýa serhedinden, Ras al-Aýn we Tal-Abýad aralygyndaky 120 km aralykdan, bu şäherlerden ewakuasiýa edilmegine rugsat berilse, 30 km uzaga çekiljekdigini aýtdy.

Bu SDG-niň öz öňünden nazarda tutulmadyk ýagdaýlarynda yza çekilip biljekdigini ilkinji gezek açyk boýun alşy bolup görünýär.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu 20-nji oktýabrda Ankaranyň öz planlaşdyrýan howpsuzlyk zonasynda “ýekeje kürt jeňçisiniň-de” galmagyny ismleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG