Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň altyn käninde adam ölümine getiren hadysa boýunça üç adam tussag edildi


Sebitiň derňew komiteti birbada iki bendiň böwsülendigini aýtdy. 
Sebitiň derňew komiteti birbada iki bendiň böwsülendigini aýtdy. 

Krasnoýarskdäki Seýba derýasynyň bendi ýarylandan soň sebitde bu bende eýeçilik edýän kompaniýanyň direktory we kärhananyň iki işgäri tussag astyna alyndy. Olaryň ählisi açylan derňew işinegüman edilýänler hökmünde gatnaşýar.

Sebitiň derňew komiteti birbada iki bendiň böwsülendigini aýtdy.

Bu hadysa 19-njy oktýabr gijesi, altyn käninde bolup geçdi. Bent tehnologiki suw howdanyny saklaýardy. Onuň böwsülmegi netijesinde işçileriň bolýan gurluşyk öýjagazlary suwuň astynda galdy. 15 adam öldi, 44 adam ejir çekdi, alty adam bolsa şindi hem tapylmaýar. Krasnoýarsk regionynyň Kuragin raýonynda adatda daşary ýagdaý yglan edildi.

Bende eýeçilik edýän kompaniýada gözleg işleri geçirildi. Derňew komiteti howsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy, iki we ondan hem kän adam heläkçiligine getiren geleňsizlik boýunça a jenaýat işini açdy. Bu iş boýunça günäli tapylanlara aňyrsy ýedi ýyl türme tussaglygy garaşýar.

Birinji gün, 21-nji oktýabr wepat bolanlaryň hatyrasyna ýas güni diýlip yglan edildi.

XS
SM
MD
LG