Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýanyň uçary gonmazdan taryhda iň uzak uçuşy amala aşyrdy


Awstraliýanyň “Kantas” awiakompaniýasynyň “Boeing 787-9” uçary
Awstraliýanyň “Kantas” awiakompaniýasynyň “Boeing 787-9” uçary

Awstraliýanyň “Kantas” awiakompaniýasynyň “Boeing 787-9” uçary gonmazdan taryhda iň uzak uçuşy amala aşyrdy.

Nýu-Ýorkdan başlanyp, Sidnide tamamlanan uçuş 19 sagat 14 minut dowam etdi. Bu iki şäheriň arasy 16 müň kilometrden hem uzak.

“Kantas” kompaniýasynyň reýsi maksimal ýangyç ätiýaçlygy, birnäçe ýolagçy, çäklendirilen goş we ýüksüz amala aşyryldy. Maksat ylmy barlagçylar topary bilen ýolagçylaryň we ekipažyň ýagdaýy hakynda maglumatlary toplamakdan ybarat boldy.

Şeýle-de awstraliýalylar Londona göni uçar gatnawyny açmakçy bolýarlar.

Mundan öňki rekord “Singapore Airlines” kompaniýasynyň uçaryna degişli bolup, ol Nýu-Ýorkdan Singapura çenli gonman uçupdy. Şonda uçar 15,5 müň kilometre golaý aralygy 18 sagat 50 minutda geçipdi.

XS
SM
MD
LG