Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň spikeri Owganystana sapar etdi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghan ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň spikeri Nansi Pelosi bilen gepleşikleri geçirýär. 20-nji oktýabr, 2019 ý.

ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň spikeri Nansi Pelosi we Kongresiň beýleki ýokary derejeli agzalary 20-nji oktýabrda öňünden yglan edilmedik sapar bilen Owganystana geldiler.

Pelosi, şeýle-de ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper we Birleşen Ştatlaryň beýleki ýokary derejeli harby komandirleri prezident Aşraf Ghani bilen duşuşdylar.

Bu Esperiň iýul aýynda Pentagonyň ýolbaşçysy hökmünde bellenmeginden soňra Owganystana eden ilkinji sapary boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG