Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ýapon imporatorynyň tagta çykmak dabarasyna gatnaşdy


Imperator Naruhito
Imperator Naruhito

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji oktýabrda Günüň dogýan ýurduna sapary mahalynda imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy.

Bu çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, 2 müňe golaý myhman gatnaşdy .

TDH-nyň ýazmagyna görä, imperatorlyk häkimiýeti gadymy döwürlerden bäri Ýaponiýanyň dolandyryş düzüminde möhüm orun eýeleýär.

Ýaponiýanyň Konstitusiýasy Imperatory «döwletiň nyşany we halkyň bitewüligi» diýip yglan edýär. Imperator derejesi şa neberesiniň erkeklerine degişlidir.

Türkmen prezidenti 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň çäklerinde hem ýurduň Imperatory bilen duşuşypdy.

Naruhitonyň tagta geçmegi bilen, Ýaponiýada Reýwa täze imperiýa eýýamy — «sazlaşyk» ýa-da «gülläp ösýän dünýä» diýen eýýam başlanýar.

Döwrüň adyny «Manýosýu» ýapon şygrynyň antologiýasyndan saýlap aldylar. Bu eserde baharyň başynda erik agaçlarynyň gülläp ösüşi barada gürrüň edilýär. Akihitonyň dolandyran döwri Heýseý diýlip atlandyryldy, ol «dünýäniň gazananlary» diýmegi aňladýar. Şondan öň Sýowa döwri – «bilimli dünýä» diýlip atlandyrylypdyr diýip, habarda aýdylýar.

Agşam Ýaponiýanyň imperatorynyň tagta çykmagy mynasybetli Imperator köşgünde resmi nahar berildi. Berdimuhamedow bu ýerde imperator Naruhito we onuň maşgala agzalary bilen görüşdi.

Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary 21-nji oktýabrda başlandy we 23-nji oktýabrda tamam bolýar.

Ol 25-nji oktýabrda Azerbaýjana sapar edip, Baku şäherinde Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşar.

XS
SM
MD
LG