Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Soçide afrikan liderleri bilen sammit geçirýär


Prezident Wladimir Putin "Aurus" awtomobilinde müsürli kärdeşi Abdel Fattah al-Sisini alyp gelýär. Soçi, 17-nji oktýabr, 2018.

Moskwanyň dünýäniň beýleki uly döwletleri bilen Afrika täsirleri üstündäki bäsleşikde öňe saýlanmaga çalyşmagy bilen, Orsýetiň Gara deňiz boýundaky Soçi kurortynda 23-nji oktýabrda onlarça afrikan lideri toplandy.

Prezident Wladimir Putin iki günlük Orsýet-Afrika sammitini müsürli kärdeşi Abdel Fattah al-Sisi bilen açar, ol häzir Afrika bileleşiginiň başlygy we ýygnanyşygyň egindeş başlygy bolup durýar.

Kreml Afrikanyň 54 hökümet ýa döwlet başlygynyň 43-siniň bu çäre garnaşjakdygyny tassyklandygyny aýtdy. Putiniň bu yklymyň liderleri bilen 13 sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmegi planlaşdyryldy.

Günbatar ýurtlary we Hytaý Afrikada bireýýäm düýpli ornaşdy. Orsýet, Hindistan ýaly beýleki ýurtlar hem ilaty köpelýän we sarp edijilik bazary çalt ösýän, innowasiýa merkezine öwrülýän kontinentde öz täsirlerini artdyrmaga ymtylýar.

Moskwa sowet döwründe bu sebitde esasy oýunçylaryň biridi, emma 1991-nji ýylda SSSR dargandan soň, onuň täsiri azaldy. Şu aralykda Hytaý soňky 20 ýylda bu sebitde onlarça milliard maýa ýatyrmak bilen, Afrikada esasy döwlete öwrüldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG