Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda öz çagasyny öldürmekde güman edilýän türkmenistanly aýal sud edilýär


Derňew synagynyň geçirilýän wagtynda düşürilen surat.
Derňew synagynyň geçirilýän wagtynda düşürilen surat.

Belarusyň Brest oblast sudy 22-nji oktýabrda türkmenistanly studentiň jenaýat işine seretmäge başlady. Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, Ý.H. diýlip, adynyň diňe baş harplary berilýän 29 ýaşly student öz bäbegini öldürmekde aýyplanýar.

Kp.by neşiriniň maglumatyna görä, tolgunmakdan ýaňa rus dilini unudyp biljekdigini aýdyp, güman edilýän aýal sudda özüne terjimeçi berilmegini sorady we netijede diňlenişik 23-nji oktýabra geçirildi.

Derňewde anyklanylmagyna görä, onuň 17-nji martda, wagtyndan öň gyz bäbegi bolýar. Ene we çaga 10-njy maýda bäbekhanadan çykarylýar. Emma ene, borjuny berjaý etmezlik üçin, tanşynyň kwartirasynda çaganyň dem alyş ýollaryny ýapýar we ol ölýär. Soňra ol çaganyň jesedini Muhawes derýasynyň kenarynda gizleýär.

Metbugat materiallarynda aýdylmagyna görä, Ý.H. Türkmenistanyň gündogarynda, köp çagaly maşgalada kemala gelipdir. Belarusda Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetini tamamlapdyr, 2019-njy ýylyň martynda nemes dili kursuna ýazylyp, umumy ýaşaýyş jaýynda hasaba durupdyr.

Günäli tapylsa, sud edilýäne 8 ýyldan 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek garaşýar.

XS
SM
MD
LG