Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetskde işleýän žurnalistiň tussag edilmegi metbugat azatlygyna garşy jenaýat atlandyryldy


 Stanislav Aseýew
Stanislav Aseýew

Seperatistleriň DAN habar guramasy 22-nji oktýabrda Aseýewe awgustda içalyçylyk, ekstremizm, jemgyýetçiligi territoral bitewiligi bozmaga çagyrmak aýyplamalary esasynda 15 ýyl türme tussaglygynyň berlendigini habar berdi.

30 ýaşyndaky žurnalist Stanislav Wasin lakamy astynda ýazýardy we 2017-nji ýylyň 2-nji iýunyndanUkrainanyň Donetsk sebitinde ýitdi. Ol şondan bäri separatistleriň tussaghanasynda saklandy.

“Men onuň düýpden bikanun sud edilişine we türmä basylyşyna haýran galdym” diýip, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Harlem Desiriň beýanatynda aýdylýar. Ol žurnalistiň derhal azat edilmegine çagyrdy.

AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý Aseýewiň garşysyna çykarylan hökümi Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň onuň gujurly, garaşsyz sesini sem etmek üçin edilen synanyşyk hökmünde häsiýetlendirdi we Desir bilen bilelikde Oleh Halaziugyň, AÝ/AR-nyň Ukrain gullugynyň Donetsk separatistleri tarapyndan 2017-nji ýylyň awgustyndan bäri tussagda saklanylýan hyzmatdaşynyň haýal etmän goýberilmegine çagyrdy.

Bu iki žurnalist Donetsk sebitinde hökümet tarapyndan kontrollyk edilmeýän künjekden habar berýän örän az sanly habarçylaryň içinde işleýärdi diýip, ÝHHG aýtdy.

“Garaşsyz žurnalistleri sem etmek pikir beýan etmekligiň garşysyna edilýän jenaýat we düýpden kabul edilmeýär” diýip, Desir aýtdy.

Aseýew Donetskde ol 2014-nji ýylda separatistleriň eline geçeli bäri işleýän az sanly žurnalistleriň biridi.

XS
SM
MD
LG