Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Ukrainadaky baş diplomaty Tramp harby kömegi Baýden derňewine baglady diýýär


ABŞ-nyň Ukrainadaky işlerini wagtlaýyn ynanan wekili William Teýlor
ABŞ-nyň Ukrainadaky işlerini wagtlaýyn ynanan wekili William Teýlor

Ukrainadaky baş ABŞ diplomaty prezident Donald Tramp Kiýewe harby kömegi bermäge ýa-da Ak tamda duşuşyga razy bolmazdan öň ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiniň öz syýasy garşydaşyny derňemegini isledi diýdi.

ABŞ-nyň Ukrainadaky işlerini wagtlaýyn ynanan wekili William Teýlor (Taylor) bu sözleri 22-nji oktýabrda, ýapyk gapylaryň arkasynda bolankongres sessiýalarynda aýtdy. Üç kongres toparynyň öňünde guralan diňlenişik demokratlaryň ýolbaşçylygynda prezident Donald Trampyň Kiýewdäki ylalaşyklary boýunça açylan impiçment derňewiniň çäginde geçirildi.

2006-09-njy ýyllarda, prezident Jorj Buş (George W. Bush) döwründe hem Ukrainada ilçi bolan Teýloryň sözleri bir aý ozal, Tramp 25-nji iýulda bolan telefon gürrüňinde ZelenskäJoe Baýdeni derňemek üçin basyş edipdirmi ýa däl diýen soraga jogap tapmak üçin başlanan derňewe has kän güýç berýär. Demokratlar ony 2020-nji ýylda prezidentlikden aýyrmaga çalyşýarlar.

Tramp bu telefon söhbetdeşligi wagtynda Ukraina berilmeli 400 million dollarlyk harby kömegi saklap otyrdy.

Impiçment derňewini “arwah tutjak bolmak” hökmünde häsiýetlendiren Tramp aprelde geçen saýlawlarda gazanan düýpli ýeňşini Ak tamdaky duşuşyk arkaly, Birleşen Ştatlaryň goldawy bilen güýçlendirmek islän ýaş syýasatçy Zelenskiý bilen men saňa, sen maňa oýnuny oýnandygyny ret etdi.

Emma muňa garamazdan, Teýloryň görkezmesinde Zelenskiniň islän “islendik” zadynyň, şol sanda örän wajyp bolan harby kömegiň, Trampyň talaby esasynda, Ukrainanyň demokratlary we Baýdeniň ogly Hanter bilen iltewli energiýa kompaniýasyny derňemek barada berjek açyk ähtnamasyna bagly bolandygy aýdylýar.

Onuň beren görkezmesinden soň, Ak tamyň metbugat sekretary Stefeni Grişem (Stephanie Grisham) beýanat çap edip, Teýlory “gep-gybatçylykda” aýyplady we Trampyň “hiç bir nädogry iş etmändigini” tekrarlady.

Tejribeli diplomat özüniň 15 sahypalyk açyş beýanatynda wakalary ilik-düwme beýan etmek bilen, maý aýynda ABŞ-nyň Ukraina babatdaky syýasatynyň birbada iki sany başga-başga ýol-ýoda bilen ýaýbaňlanyşyny: olaryň biriniň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Ukraina goldaw bermek tagallalary, beýlekisiniň Trampyň hususy aklawçysy Rudi Julianynyň Baýdeni we 2016-njy ýyldaky ABŞ saýlawlaryna gatyşma alamatlaryny derňemäge iteklemek tagallalary bilen bagly bolandygyny gürrüň berdi.

Juliany Baýdeniň prezident Barak Obama wise-prezident bolup gulluk edýän wagtynda, ABŞ-nyň Ukraina babatdaky syýasatyna gözegçilik etmek bilen, Kiýewe gaz öndüriji Burisma kompaniýasynyň işini derňeýän baş prokurory işden aýyrmagy buýrandygyny aýtdy.

Baýdeniň ogly Hanter şol wagt Burismada direktorlar geňeşiniň agzasy bolup işleýärdi.

Ukrain resmileri baş prokuror wezipesinden boşadylan wagtynda Burismanyň derňewiniň hereketsiz bolandygyny, prokuroryň bolsa, haýal-ýagallygy ýa-da ýokary derejeli korrupsiýa işleriniň derňelmegini bökdändigi sebäpli işden aýrylandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, Tramp bilen 1980-nji ýyllardan bäri ýakyn dost bolan JulianyUkraina 2016-njy ýylda Demokratik milli konwensiýanyň serwerlerine garşy hakerlik edilmeginiň arkasynda boldy diýen esassyz teoriýany öňe sürdi.

ABŞ-nyň ýörite ýuridiki geňeşçisi Robert Muelleriň iki ýyl dowam eden derňewi bu hüjümiň arkasynda Orsýetiň aňtaw agentleri dur diýen netijä geldi.

Teýlor Wekiller öýüniňtoparlarynyň agzalarynaABŞ-nyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiGordon Sondlandyň sentýabrda özüne aýdan sözlerine salgylanyp, Trampyň “Zelenskiý Ukrainanyň Burismany we Ukrainanyň 2016-njy ýyldaky ABŞ saýlawlaryna gatyşmagy diýilýäni derňejekdigi barada açyk beýanat etmeli”, harby kömek we At tama sapar “şu hili yglan etmeklige bagly” diýendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG