Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan, Täjigistan biznes, iş şertlerini gowulaşdyran iň ýokarky onlugyň hataryna girdi


Täjigistanly student işewür Idimoh Sultonzoda

Pakistan geçen ýylda biznes şertlerini iň ýeňilleşdiren 10 ýurduň biri boldy, bu barada Bütindünýä bankynyň 23-nji oktýabrda çap edilen hasabatynda aýdylýar.

Şertler Bütindünýä bankynyň gözegçilik edýän on ugrunyň bäşisinde gowulaşdy.

Bular iş açmak we biznese başlamak, gurluşyk rugsatlaryny almak, elektrik toguny almak, salgytlary tölemek we serhetaşyr söwda etmek ýaly ugurlary öz içine alýar diýip, Bütindünýä bankynyň 2020-njy ýylyň Biznes etmek, ýagny iş ýöretmek boýunça täze hasabatynda aýdylýar.

Şeýlelikde, Pakistan geçen ýyl 28 basgançak ýokary galdy, ýagny 190 ykdysadyýetiň arasynda biznes işjeňlikleriniň 10 ugry boýunça 108-nji orna geçdi.

Ykdysadyýeti ösen on ýurduň arasynda Hytaý, Hindistan, Saud Arabystany, Iordaniýa, Togo, Bahreýn, Kuweýt we Nigeriýa bilen bilelikde, Merkezi Aziýadan Täjigistan hem bar.

Tajigistan biznes, iş açmak, karz almak we serhetden aňyrda söwda etmek şertlerini gowulandyryp, 106-njy orna geçdi.

Orsýet geçen ýyldakysyndan üç basgançak ýokary galyp, 28-nji orna geçdi.

Ukraina ýedi basgançak ýokary galyp, 64-nji boldy.

Biznes etmekde, iş ýöretmekde Täze Zelandiýa dünýäde birinji ýerde durýar, soňra Singapur, Hong Kong gelýär, Günorta Koreýa bäşinji, ABŞ altynjy orunda durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG