Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň iş başyndaky daşary işler ministri işden çekildi


Salahuddin Rabbani

Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Salahuddin Rabbani öz wezipesinden çekildi.

Rabbani Daşary işler ministrliginiň bir gyra iteklenýändigini we oňa hökümetden aýry gurama ýaly çemeleşilýändigini aýdyp, 23-nji oktýabrda prezident Aşraf Ganä işden çekilmek baradaky arzasyny iberdi.

Rabbani hatynda dolandyryş özgertmeleriniň hatyrasyna edilýän käbir işleriň hökümet guramalarynyň arasynda diskriminasiýanyň ýokarlanmagyna getirendigini we munuň uzagyndan ýurduň bitewiligine zyýan ýetirjekdigini aýtdy.

"Bu çydar ýaly däl” diýip, Rabbani aýtdy.

Owganystanda Milli birlik hökümeti gurlandan soň, Rabbani 2015-nji ýylda daşary işler ministri wezipesine bellendi, emma içerki syýasy göreşler netijesinde ministriň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işledi.

Gani bilen Rabbaniniň arasynda käte pikir başgalyklary boldy we bu ýagdaý käte soňkynyň prezident köşgünde geçýän ýygnaklara çagyrylmazlygyna hem alyp geldi.

Rabbani 28-nji sentýabrda geçirilen prezident saýlawlaryna baş ýerine ýetiriji ofiser Abdulla Abdullany goldady. Bu saýlawlaryň netijeleri heniz yglan edilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG