Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO ministrleri Türkiýäniň 'esaslandyrylmadyk' hüjümini maslahatlaşýar


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Brýusselde gurnalan metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 23-nji oktýabr, 2019.

NATO-nyň goranmak ministrleri 24-nji oktýabrda iki günlük maslahata toplandy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esperiň Türkiýäniň demirgazyk-gündogar Siriýa goşun salmagyny “esaslandyrylmadyk” diýip atlandyrmagy bilen, gepleşikleriň esasy temasy Türkiýäniň demirgazyk-gündogar Siriýa goşun salmagy bilen bagly boljaga meňzeýär.

NATO agzasy Türkiýäniň bu hüjümi, regional durnuklylygyň gowşamagy we “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň garşysynda gazanylan üstünligiň pese gaçmagy baradaky aladalar arasynda, ýaranlygyň köp agzasy tarapyndan ýazgaryldy.

“Türkiýe biziň ählimizi elhenç bir ýagdaýa saldy” diýip, Esper Brýusseldäki duşuşykdan öň, German Marşal fondunda eden çykyşynda aýtdy we Ankaranyň “jogapkärçilikli ýaran” bolmaga dolanyp gelmelidigini belledi.

“Ankara ters ugra barýar we Moskwa golaýlaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Demirgazyk Siriýadaky ýagdaýlara gezek gelende, NATO ýaranlarynyň arasynda dürli-dürli pikirler bar” diýip, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Brýusseldäki duşuşygyň öňünden boýun aldy.

“Şunuň üçin biziň duşuşmagymyz möhüm, çünki ylalaşmazlyklary aradan aýyrmagyň iň gowy ýoly bir ýere toplanyp, maslahat etmek we öňe süýşmegiň ýoluny tapmaga synanmak” diýip, ol 23-nji oktýabrda žurnalistlere aýtdy.

Şondan öň Moskwa bilen Ankara kürt güýçlerini Seriýanyň Türkiýe bilen serhedinden uzakda saklamak barada ylalaşyga geldi. Olar sebitde Waşington tarapyndan araçylyk edilen bäş günlük ýaraşygyň möhletini uzaltdylar.

Prezident Donald Tramp bolsa 23-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň Türkiýä garşy girizen sanksiýalaryny ýatyrýandygyny yglan etdi. Bu sanksiýalar Türkiýäniň Siriýadaky kürt güýçlerine garşy başlan operasiýasy sebäpli girizildi. Ankara ol kürtlere terrorçy hökmünde seredýär.

Türkiýäniň hüjümi Trampyň şu aýyň başynda regiondaky ABŞ goşunlaryny çykarmagyndan soň başlandy.

Stoltenberg Brýusseldäki gepleşiklerden öň Siriýada soňky bolan zatlar “syýasy çözgüdiň zerurlygyny nygtaýar” diýdi.

Şeýle-de Stoltenberg, geçen hepde Türkiýe bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda gelnen ylalaşykdan soň “zorlugyň we söweşleriň düýpli azalmagyny” gutlady. Ýöne ol Moskwa-Ankara ylalaşygynyň berjek netijelerini öňünden kesgitlemegiň “gaty ir boljakdygyny” hem sözüne goşdy.

NATO ministrleri mundan başga Günbataryň harby ýaranlygynyň Owganystanda we Ukrainada öz üstüne alan borçlary, 5G telekommunikasiýalar howpsuzlygy ýaly gibrid wehimlere uýgunlaşmak, çalasyn gaýtawul bermek başarnyklaryny güýçlendirmek ýaly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşmaly.

Gepleşiklerde NATO liderleriniň dekabrda Londonda geçiriljek duşuşygynyň hem esaslary goýlar.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG