Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýew özbegistanlylara ýurtdan $10 müň çykarmaga, daşary ýurtda hasap açmaga rugsat berdi


Özbegistanyň Merkezi bankynyň çykaran altyn teňňesi
Özbegistanyň Merkezi bankynyň çykaran altyn teňňesi

Özbegistanyň raýatlary indi ýurtdan 100 million sum möçberinde ($10,6 müňe golaý) nagt pul çykaryp bilerler.

Ozal jarnamada görkezmezden ýurtdan 2 müň dollara çenli, jarnamada görkezip, 5 müň dollara çenli nagt pul çykaryp bolýardy. Uly möçberdäki serişdeleri çykarmak üçin Merkezi bankdan rugsat almalydy.

Täze düzgün 23-nji oktýabrda, Özebgistanyň prezidenti Şawkat Mirzoýoýew “Bazaryň walýuta düzgünleşdirmeleri hakyndaky” kanunyň täze redaksiýasyna gol çekenden soň güýje girdi.

Şeýle-de kanun daşary ýurtda çäklendirmezden bank hasaplaryny açmaga, Özbegistandaky bank hasaplaryndan daşary ýurtlardaky bank hasaplaryna we daşary ýurtlardaky bank hasaplaryndan yzyna pul geçirmäge, daşary ýurt walýutasynda bahasy kesgitlenen walýuta gymmatlyklaryna, arassa altyna ýa-da walýuta eýeçilik etmäge, töleg kagyzlaryny we dokumentlerini edinmäge rugsat berýär.

Mundan başga, kanunda Özbegistandaky hasaplaşyklaryň we tölegleriň ählisiniň milli walýutada amala aşyrylmagyna borçlandyrýar.

XS
SM
MD
LG