Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň ilat sany 33,7 milliondan aşdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýlara görä, Özbegistanda hemişelik ýaşaýan ilatyň sany 33 million 724,5 müň adam boldy.

Şäherlerde17 million 34 müň adam, oba ýerlerinde 16 million 690 müň 500 adam ýaşýar diýip,Özbegistanyň döwlet statistika edarasy habar berýär.

Döwlet statistika edarasynyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Samarkant oblastynda ilatyň has gürelýändigi (11,4%), soňra Fergana – 11,1%, Kaşkaderýa – 9,7% we Andižan – 9, 2% oblastlarynyň gelýändigi aýdylýar.

“Deslapky maglumatlara görä, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurduň hemişelik ýaşaýan ilatynyň 30,5% zähmet ýaşyndan kiçi,59,1% zähmet ýaşynda we 10,4% zähmet ýaşyndan ýokarda” diýip, hasabatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG