Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon, YD-dan nebit ýataklaryny goramak üçin, demirgazyk-gündogar Siriýadaky güýçlerini artdyrmagy planlaşdyrýar


Siriýa. Bronly harby tehnikanyň üstünde oturan amerikan esgeri.

Pentagon gaýtadan janlanmagy ahmal “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň nebit ýataklaryny ele geçirmeginiň öňüni almak üçin, demirgazyk-gündogar Siriýa sebitindäki harby güýçlerini kuwwatlandyrmagy planlaşdyrýandygyny aýdýar.

24-nji oktýabrda gelnen karar prezident Donald Tramyň ABŞ goşunlaryny türk güýçlerine siriýaly kürt söweşijilerinden saplanan “howpsuzlyk zonasy” diýilýäni döretmäge ýol bermek üçin Türkiýäniň serhet boýlaryndan çykarýandygyny yglan etmeginiň birnäçe gün yz ýanyna gabat geldi.

Türk we rus güýçleri indi bu sebitde, serhediň golaýynda, ozal ABŞ güýçleri we olaryň kürt milisiýa ýaranlary tarapyndan saklanan ýerde bilelikde garawulçylyk çekýär.

Trampyň bu ýerden goşun çykarmak karary demokrat we respublikan kanun çykaryjylar, beýlekiler tarapyndan berk tankyt edildi. Olar kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýa demokratik güýçleri tarapyndan tussaglykda saklanylýan 10 müň çemesi YD ýesiriniň başagaýlyk arasynda gaçyp gutulmagyndan alada bildirdiler.

"ABŞ-nyň we biziň hyzmatdaşlarymyzyň YD-a garşy söweşde gazanan iň düýpli üstünlikleriniň biri gündogar Siriýadaky nebit ýataklaryna kontrollygy ele geçirmek boldy, bu ýataklar YD-nyň esasy girdeji çeşmesi bolupdy” diýip, 24-nji oktýabrdaky beýanatda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG