Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina 1 müňlük griwnany dolanyşyga girizýär


1 griwna
1 griwna

Ukrainanyň Milli banky täze, 1 müňlük griwnany dolanyşyga girizdi, täze pul banknotynyň ýüzünde 20-nji asyryň tanymal ukrain alymy Wolodimir Wernadskiýniň suraty ýerleşdirilipdir.

Bankyň başlygy Ýakiw Smoli Kiýewde žurnalistlere täze pul birligi barada maglumat berip, onuň ýurtda 25-nji oktýabrdan dolanyşyga girizileniň uly kagyz boljakdygyny aýtdy.

Bank iýun aýynda täze pul birligini girizmek pikiri barada söz açyp, onuň “ykdysady faktorlar, hususan-da ortaça aýlygyň möçberiniň çalt köpelmegi, nagt puluň dolanyşygy, nagt pulsuz tölegiň möçberi, şeýle-de puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi” bilen baglydygyny aýtdy.

Häzir 1 müň griwna dollarda 39.7 töweregi bahalanýar.

25-nji oktýabrda çenli ýurtda iň uly pul birligi 500 griwna bolupdy, ol 2006-njy ýylyň sentýabrynda girizildi.

XS
SM
MD
LG