Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda hökümete garşy protest bildirjek bolan onlarça adam tussag edildi


Almaty. Asatana meýdançasyndaky tussag etmeler. 26-njy oktýabr, 2019.

Gazagystanyň polisiýasy hökümete garşy protest bildirmekçi bolan onlarça adamy tussag etdi, häkimiýetler olaryň planlaşdyran ýygananyşygynyň “bikanun hereket” bolandygyny aýdýarlar.

AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň habarçylary 26-njy oktýabrda paýtagt Nur-Soltanda Astana Konsert zalynyň golaýyndaky meýdançada ondan gowrak adamyň tussag edilendigini gördüler.

Şeýle-de, AÝ?AR-nyň habarçylary Almaty şäherindäki Astana meýdançasynyň golaýynda protest bildirmekçi bolan ondan gowrak adamyň tussag edilmegine şaýat boldular.

Tussag edilenleriň arasynda gartaşan aýallar we azyndan bir gartaşan erkek hem bar.

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi Nur-Soltanda we Almatyda 26 adamyň tussag edilendigini tassyk etdi we häkimiýetleriň olaryň garşysyna adminstratiw aýyplamalaryň birldirilip-bildirilmezligi barada oýlanýandyklaryny habar berdi.

Şu aralykda AÝ/AR-nyň demirgazyk şäher Aktobedäki habarçysy merkezi meýdançada 10 adamyň tussag astyna alnandygyny habar berdi. Käbirleri radiosynyň habarçylaryna özleriniň diňe maşgala agzalary bilen meýdançadan geçip barýan wagtlary tussag edilendiklerini gürrüň berdiler.

Günortadaky Şimkent şäherinde habarçylar üç adamyň tussag edilmegine şaýat boldular, olar özleriniň demonstrasiýa gatnaşmaga synanayşandyklaryny aýdypdyrlar.

Demonstrasiýa gatnaşmakçy bolanlary birnäçesi tussag edilmezlerinden öň radionyň habarçylaryna özleriniň, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi netijesinde, Hytaý bilen Gazagystanyň arasyndaky biznes-iş gatnaşyklarynyň giňelmegine garşy protest bildirmek isleýändiklerini gürrüň berdiler.

Şeýle-de olar gazak häkimiýetlerinden “syýasy tussaglaryň boşadylmagyny” talap etmek isleýändiklerini aýtdylar.

26-njy oktýabrdaky protestleriň geçirilmegi üçin Gazagystanyň Demokratik seçgisi – gazak häkimiýetleri tarapyndan “ekstremist” topar hökmünde gadagan edilen syýasy hereket çagyryş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG