Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň başlygy Abu Bakr Bagdadynyň reýd mahalynda ölendigini tassyk etdi


 “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň başlygy Abu Bakr al-Bagdady
“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň başlygy Abu Bakr al-Bagdady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň başlygy Abu Bakr al-Bagdadynyň demirgazyk-gündogar Siriýada, ABŞ reýdi netijesinde öldürilendigini aýtdy.

Tramp 27-nji oktýabrda halka eden ýüzlenmesinde ABŞ-nyň ýörite güýçleri öten agşam bir operasiýa geçirendigini, onuň dowamynda hiç bir ABŞ işgäriniň öldürilmändigini aýtdy.

Tramp Bagdadyny “gorkak”, “dereksiz” diýip atlandyrdy we dünýäniň iň gözlenýän adamy öz biline guşan partlaýjyly guşagyny ýaryp, özüni öldürdi diýdi.

"Ol hassa we bozuk adamdy, indi ol ýok” diýip, Tramp aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti ABŞ güýçleriniň Bagdadynyň çen bilen iki sagat çemesi bolan howlusyna bardylar diýdi. Onuň sözlerine görä, bu reýd mahalynda Bagdadynyň ýoldaşlary hem “uly möçberde” öldürildi.

Ol reýdden soň geçirilen barlaglaryň Bagdadynyň şahsyýetini anyklandygyny, onuň Siriýa-Yrak serhediniň boýunda gizlenendigine köpleriň ynanandygyny aýtdy.

ABŞ asly Yrakdan bolan Bagdadynyň tutulmagy üçin $25 million baýrak belledi.

XS
SM
MD
LG