Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milanda italiýan-türkmen biznes forumy geçiriler


Türkmenistanda geçirilen biznes forumlaryň biri. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanda geçirilen biznes forumlaryň biri. Illýustrasiýa suraty

2019-njy 6-njy noýabrynda Italiýanyň Milan şäherinde italiýan-türkmen biznes forumy geçiriler diýip, “Trend” neşiri Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň 27-nji oktýabrda çap eden habaryna görä, forum Italiýanyň Söwda agentligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatnaşmagynda geçiriler.

“Çäräniň dowamynda esasy üns nebit we gaz, himiýa, tekstil we deri senagaty, şeýle-de oba hojalyk we gurluşyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gönükdiriler” diýlip, habarda aýdylýar.

Biznes forumyň çäginde ikitaraplaýyn resminamalara hem gol çekilmegine garaşylýar.

Foruma gatnaşjak türkmen delegasiýasyna ýurduň premýer-ministriniň orunbasarlary Reşit Meredow, Çary Gylyjow we Baýramgeldi Öwezow ýolbaşçylyk eder. Bu delegasiýanyň düzümine beýleki türkmen resmileri bilen bir hatarda, TOPH gaz geçiriji kompaniýasynyň (TAPI Pipeline Company Ltd) wekili Muhammetmyrat Amanow hem girýär.

Neşir Türkmenistanyň Döwlet statistika gullugyna salgylanyp, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýylda ortaça 1,5 milliard amerikan dollaryna barabar bolandygyny hem belledi.

XS
SM
MD
LG