Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý 76 ýaşynda aradan çykdy


Sowet döwrüniň dissidenti Wladimir Bukowskiý
Sowet döwrüniň dissidenti Wladimir Bukowskiý

Sowet Soýuzynyň tankytçylary dymdyrmak üçin psihiatriýadan betniýetli peýdalanmagyny paş etmäge kömek eden, sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý 76 ýaşynda Britaniýada aradan çykdy.

Soňky ýyllarda saglyk ýagdaýy agyrlaşan Bukowskiý 27-nji oktýabrda giçlik Britaniýanyň Kembrijdäki keselhanasynda ýürek näsazlygyndan aradan çykdy diýip, onuň bilen ilteşikli, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän meýletin gurama – Bukowskiý merkezi – aýtdy.

1960-njy we 1970-nji ýyllarda Bukowskiý “anti-sowet agitasiýada we propagandada” aýyplanyp, 12 ýylyny sowet türme lagerlerinde we psihiatriýa klinikalarynda geçirdi.

Ol Sowet Soýuzynyň syýasy tussaglary jezalandyrmak üçin psihiatriýa merkezlerinden peýdalanýandygy barada habar beren ilkinji şahslaryň biridir.

XS
SM
MD
LG