Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň dawaly Kaşmir regionyna baryp görmegine garaşylýar


Kaşmiriň günortasyndaky gara ýolda duran howpsuzlyk işgärleri. 25-nji oktýabr, 2019 ý.

Ýewropa Parlamentiniň agzalaryndan ybarat delegasiýanyň Gimalaý dagalaryndaky dawaly Kaşmir regionyna baryp görmegine garaşylýar.

29-njy oktýabrda delegasiýa Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan bölegindäki esasy şähere – Srinagara – baryp görer.

1947-nji ýylda Britaniýadan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Pakistan we hinduleriň ýolbaşçylygyndaky Hindistan üç urşy başdan geçirdi. Olaryň ikisi Kaşmiriň üstündedi. Bu ýurtlaryň ikisi-de Kaşmiriň özlerine degişlidigini öňe sürýär.

Awgust aýynda Nýu-Deliniň Kaşmiriň Hindistan tarapyndan kontrollyk edilýän böleginiň ýörite konstitusion statusyny ýatyrmak we howpsuzlyk çärelerini girizmek baradaky karary kabul etmegi iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň artmagyna sebäp boldy.

Nýu-Deli BMG-niň ýörite dokladçylarynyň, ABŞ-nyň kongresmenleriniň we daşary ýurt žurnalistleriniň regiona girmegine rugsat bermedi.

Ýewropa Bileleşiginiň Hindistandaky delegasiýasy bu saparyň “näresmidigini” we onuň käbir agzalar tarapyndan “şahsy mümkinçiliklerine” görä amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG