Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Breksiti 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli amala aşyrmagy tassyklady


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Twitterde paýlaşan maglumatynda ÝB-niň 27 agza ýurdunyň “Beýik Britaniýanyň Breksiti 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli islendik amatly wagtda amala aşyrmak möhletini uzaltmak baradaky haýyşyny” kabul etmek barada ylalaşandygyny aýtdy.

Tusk bu kararyň şu hepdäniň dowamynda “ýazmaça görnüşde resmileşdirilmegine garaşylýandygyny” hem belledi.

Bu karar Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmak baradaky ylalaşygy iki tarap tarapyndan hem tassyklansa, onda bu Britaniýanyň 31-nji ýanwara çenli islendik amatly wagtda Bileleşikden çykyp bilýändigini aňladýar.

Britaniýa Ýewropa Bileleşiginden 31-nji oktýabra çenli çykmagy planlaşdyrýardy. Ýöne munuň gijä galmagy sebäpli, ÝB-niň diplomatlary täze wagt möhleti boýunça ylalaşmak üçin 28-nji oktýabrda Brýusselde duşuşdylar.

2016-njy ýylda Beýik Britaniýada ýurduň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy barada referendum geçirileni bäri Breksiti amala aşyrmak barada kesgitlenen wagt möhleti ikinji gezek soňa goýuldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG