Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky protestlerde azyndan 17 adam öldi


Yrakdaky protestler. 25-nji oktýabr, 2019 ý.

Yragyň şaýy musulmanlarynyň mukaddes Karbala şäherinde ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň gijäň ýary protestçilere ot açmagy netijesinde azyndan 14 adam öldi we başga-da 865 sanysy ýaralandy diýip, 29-njy oktýabrda saglygy goraýyş we howpsuzlyk pudagyndaky çeşmeler aýtdylar.

Ýurduň günortasyndaky Nassiriýa şäherinde geçirilen protestlerde ýaralanan protestçileriň üç sanysy öldi diýip, saglygy goraýyş pudagyndaky çeşmeler bellediler.

Demonstrantlar premýer-ministr Adel Abdul Mahdiniň hökümetine garşy protestleriň ikinji tolkunynda tapgyr dördünji güni, ýagny 28-nji oktýabrda Yragyň birnäçe şäherinde köçelere çykdylar. Demonstrantlar Mahdiniň hökümetini korrupsiýada aýyplaýarlar.

Oktýabr aýynyň başynda korrupsiýa, işsizlige we esasy jemgyýetçilik hyzmatlaryň ýetmezçiligine garşy demonstrasiýalar başlany bäri azyndan 250 adam öldi.

Protestleriň tolkuny – bir ýyla golaý öň häkimiýet başyna gelen Mahdiniň hökümetiniň ýüzbe-ýüz bolýan iň uly problemasy hasaplanýar. Şeýle-de, bu protetsler 2017-nji ýylda “Yslam döwleti” ekstremist topardan üstün çykylandygy yglan edileni bäri Yrakdaky iň ýowuz durnuksyzlykdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG