Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Parlamentiniň delegasiýasy dawaly Kaşmir regionyna bardy


Srinagardaky hindi armiýasynyň esgerleri. 2017 ý.

29-njy oktýabrda Ýewropa Parlamentiniň agzalaryndan ybarat topar dawaly Kaşmir regionyna bardy. Bu, awgust aýynda Hindistan Gimalaý daglarynda ýerleşýän regionyň ýarym awtonomiýa statusyny ýatyryp, ýiti çäklendirmeleri girizeni bäri, Kaşmire sapar edýän ilkinji daşary ýurt delegasiýasydyr.

Delegasiýa Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan bölegindäki esasy şähere – Srinagara – baryp görýär we hökümet hem-de harby resmiler bilen duşuşýar.

1947-nji ýylda Britaniýadan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Pakistan we hindileriň ýolbaşçylygyndaky Hindistan üç urşy başdan geçirdi. Olaryň ikisi Kaşmiriň üstündedi. Bu ýurtlaryň ikisi-de Kaşmiriň özlerine degişlidigini öňe sürýär.

Awgust aýynda Nýu-Deliniň Kaşmiriň Hindistan tarapyndan kontrollyk edilýän böleginiň ýörite konstitusion statusyny ýatyrmak we howpsuzlyk çärelerini girizmek baradaky karary kabul etmegi iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň artmagyna sebäp boldy.

Nýu-Deli BMG-niň ýörite dokladçylarynyň, ABŞ-nyň kongresmenleriniň we daşary ýurt žurnalistleriniň regiona girmegine rugsat bermedi.

Ýewropa Bileleşiginiň Hindistandaky delegasiýasy bu saparyň “näresmidigini” we onuň käbir agzalar tarapyndan “şahsy mümkinçiliklerine” görä amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Hindi premýer-ministri Narendra Modiniň edarasy tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, bu sapar delegasiýa “regionyň ösüş we dolandyryş öňdelikleri barada takyk düşünje” berer.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG