Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Hytaýda geçiriljek owganara gepleşiklerini gowy garşy aldy


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Hytaýyň owganara parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryny Pekinde geçirmek baradaky teklibini gowy garşy aldy. Talyban bu gepleşikleriň 29-30-njy oktýabrda Pekinde geçiriljekdigini aýtdy.

Bu barada Birleşen Ştatlaryň, Russiýanyň, Hytaýyň we Pakistanyň hökümetleriniň 28-nji oktýabrda bilelikde ýaýradan beýanatynda aýdylýar. Bu ýurtlaryň resmileri geçen hepde Moskwada ýygnaklary geçiripdiler.

24-25-nji oktýabrda Russiýada geçirilen ýygnaklarda Birleşen Ştatlara Waşingtonyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad wekilçilik edipdi. Şonda dört ýurt özleriniň “hemmetaraplaýyn we durnukly ylalaşyga” goldaw bildirýändiklerini ýene bir gezek mälim etdiler.

Olar “Hytaýyň owganara duşuşygynyň nobatdaky tapgyryny Pekinde geçirmek baradaky teklibini gowy garşy aldylar” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Beýanata görä, gepleşiklere “ýokary derejeli syýasy şahslaryň, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümet resmileriniň, beýleki owgan liderleriniň we Talybanyň wekilleriniň” gatnaşmagyna garaşylýar.

Owganara gepleşikleriniň iň soňkusy şu ýylyň iýul aýynda Kataryň paýtagty Dohada geçirilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG