Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller öýi ermeni genosidini ykrar edýän karary aglaba köplükde kabul etdi


Osmanly türkler döwründe bolan gyrgynçylykdan aman galan Guýna Markossian, 109 ýaşynda. 24-nji aprel, 2019.
Osmanly türkler döwründe bolan gyrgynçylykdan aman galan Guýna Markossian, 109 ýaşynda. 24-nji aprel, 2019.

ABŞ-nyň Wekiller öýi ermenileriň Osman imperiýasy döwründe, 20-nji asyryň başynda köpçülikleýin öldürilmegini genosid, bilkastdan edilen gyrgyn hökmünde ykrar etmek baradaky karary aglaba köplükde kabul edip, Stambulda gahar-gazap döretdi.

Wekiller öýi hökmany bolmadyk karary 29-njy oktýabrda, 405 wekiliň goldamagynda, 11 wekiliň garşy durmagynda kabul etdi.

Bu ses berişlik ABŞ bilen Osman imperiýasynyň mirasdüşeri bolan döwlet Türkiýäniň arasynda Siriýadaky hereketleri üstünde dörän dartgynlyklaryň arasynda guraldy.

Osmanly türkler musulmanlaryň agalygyndaky imperiýada ýaşaýan hristian azlygyny, 1.5 million ermenini I Jahan urşy döwründe we onuň yz ýanynda deportasiýa etdi.

Köp taryhçy we beýleki milletleriň käbiri bu adam heläkçiligini genosid hasaplaýar. Türkiýe bu kesgitlemäni inkär edýär we ol adamlaryň osmanly hökümetiniň ermenileri ýok etmek üçin planlaşdyran çäresi esasynda däl-de, raýat jeňleri netijesinde ölendigini öňe sürýär.

Şeýle-de Türkiýä ölenleriň sanynyň habar berlişinden az bolandygyny aýdýar.

Bu karar kaliforniýaly demokrat Adam Şif (Schiff) tarapyndan öňe sürüldi. Kaliforniýada uly ermeni jemagaty ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG