Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik žurnalistleri, aktiwistleri özleriniň terrorçylaryň sanawyna goşulmagyny ýazgarýar


Täjik žurnalistleriniň Duşenbadäki duşuşygy. 9-njy oktýabr, 2019.

Bosgunlykdaky täjik žurnalistleriniň we aktiwistleriniň topary Täjigistanyň Merkezi bankynyň öz atlaryny terrorçy diýilýänleriň sanawyna goşmak çäresini ýazgaryp çykyş etdi.

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda bosgunlykda ýaşaýan alty oppozision žurnalistiň we aktiwistiň 29-njy oktýabrda bilelikde çap eden beýanatynda olaryň atlarynyň bu sanawdan çykarylmagy we Merkezi Bankyň ötünç soramagy talap edilýär.

Ol žurnalistler we aktiwistler öz atlarynyň, täjik howpsuzlyk resmileriniň buýruklary esasynda, terrorçylar sanawyna girizilendigini, bu çäräniň syýasy sebäpli bolandygyny aýdýarlar.

Täjigistanyň Merkezi banky terrorçylaryň sanawy diýilýäni aýyň başynda jemgyýetçilige ýetirdi, oňa jemi 2,400 çemesi adamyň ady girizilipdir.

Hukuk toparlary Täjigistany 1992-nji ýyldan bäri dolandyrýan prezident Emomali Rahmony, howpsuzlyk gulluklaryny, kanunçylyk ulgamlaryny we beýleki tutarlary ulanyp, garşydaşlaryny, garaşsyz žurnalistleri we başga pikirliligi basyp saklamakda tankytlaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG