Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain bankynyň resmisi, hamala, $50 müň para sorany üçin tussag edildi


Ýewro we dollar banknotlary

Ukrainanyň Merkezi bankynyň hünärmeni 29-njy oktýabrda, hamala, pul çalyşmak işini ýöretmäge ygtyýarnama bermek wadasy bilen, telekeçiden $50 müň para soranlygy üçin tussag edildi.

Güman edilýän Ukrainanyň Merkezi bankynyň daş işiginde, 40 müň dollar nagt puly alyp duran wagtynda tussag edildi diýip, Baş prokuratura feýsbuk beýanatynda aýtdy.

Galan 10 müň dollar ömürlik ygtyýarnama çap edilenden soňra getirilmeli eken.

Resminiň jenaýaty galplyk hökmünde kesgitlendi, sebäbi bankdaky wezipesioňa pul çalyşmak ygtyýarnamasyny çap etmek rugsadyny bermeýär.

UMB öz feýsbuk sahypasynda özleriniň prokuraturadan has anyk maglumatlary almandygyny, tussag edilen resminiň bolsa, ýolbaşçylyk ygtyýary bolmadyk we başga bölümde işleýän işgär bolandygyny aýtdy.

Pul çalyşmak ygtyýarnamasyny aljak bolýan telekeçiniň ozalky ygtyýarnamasynyň möhleti 21-nji dekabrda tamam bolýar we onuň öz rugsat möhletini uzaltmak baradaky arzasy iýulda, UMB tarapyndan ret edilipdir diýip, “Ukrayinska Pravda” habar berdi. Şu ret etmeden soň ol telekeçi bankyň resmisinden kömek sorapdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG