Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tamyň resmisi Trampyň derňewinde ozalky görkezmeleri ‘tassyklady’


Aleksandr Windman

ABŞ Kongresindäki demokratlar Ak tamyň häzirki resmisi tarapyndan prezidentiň impiçment derňewiniň çäginde berlen görkezmäniň respublikan kanun çykaryjylar, prezident Donald Tramp we onuň goldawçylary şaýadyň aýdan zatlarynyň ähmiýetini peseldipdirmi ýa däl diýen sorag boýunça özleriniň “wakanyň esasy faktlary barada ozalky eşidenlerini tassyklandygyny” aýdýarlar.

Goşun podpolkownigi we Milli howpsuzlyk geňeşinde Ýewropa meselelerine seredýän Aleksandr Windman (Alexander Vindman) 29-njy oktýabrda ýapyk gapylaryň arkasynda, Wekiller öýüniň Trampyň hereketleri impiçment ederlik jenaýat bolup bilýärmi ýa däl diýen meseläni çözmek üçin geçirýän mejlisine harby lybasda geldi.

Windman 25-nji iýulda Tramp bilen ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiniň arasynda bolan telefon gürrüňi mahalynda Trampyň Kiýewden prezidentlige umydygär Joe Baýdeni we onuň energiýa kompaniýasyna iltewli bolan ogly Hanteri derňemek teklibini etmegi boýunça görkezme beren ýeke-täk resmi bolup durýar.

“Men bu çagyryşdan alada galdym” diýip, Windman öz taýýarlanan belliklerinde aýtdy. “Men daşary ýurt hökümetinden ABŞ raýatyny derňemegi talap etmek düzüwli zat diýip plikir etmeýärin we munuň ABŞ hökümetiniň Ukraina goldawyna ýetirmegi mümkin täsirlerinden alada galdym” diýip, ol sözüni dowam etdirdi.

Sowet Ukrainasynda doglan Windman 1979-njy ýylda, üç ýaşyndaka Birleşen Ştatlara geldi we 20 ýyl bäri harby ofiser bolup işleýär. Ol 2008-nji ýyldan bäri Ýewraziýa sebitleri boýunça ýöriteleşip,Moskwa, Kiýew bilen bagly wezipeleri berjaý edýär.

Windman 2018-nji ýylyň iýulynda Milli howpsuzlyk geňeşinde gulluk etmek üçin Trampyň Ak tamyna girdi.

Demokrat kanun çykaryjylaryň sözlerine görä, Windmanyň görkezmesi başlangyç duýduryjynyň Trampa garşy eden şikaýatynda aýdanlaryny tassyklan beýleki şaýatlaryň tassyklamalarynyň üstüni ýetirdi we Wekiller öýüniň impiçment derňewi baradaky ses berişliginden öň täze detallar bilen üpjün etdi.

“Bu bolan iş. Bularyň hiç birinden hiç bir täze bir sözbaşy çykjaga meňzemeýär” diýip,wekil Tom Malinowski (demokrat, Nýu-Jersi) AP habar gullugyna aýtdy. “Her bir şaýat, öz nukdaý nazaryndan, biziň eşiden zatlarymyzy, bolan wakanyň esasy faktlaryny tassyk etdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Her bir adam muny has ýokary karar esasynda aýtdy” diýip, wekil Denni Hek (demokrat, Waşington) mejlisiň arakesmesinde aýtdy.

Respublikaçy Tramp şol günüň özünde twitterde derňewi “kezzaplyk” hökmünde ýazgarýan beýanat galdyrdy we Windmany “Hiç wagt Trampçy bolmadyk” diýip alandyrdy. Saýlaw ýazgylaryna görä, Windman öň demokrat diýlip hasaba alnypdyr.

Prezidentiň ýaranlarynyň käbiri Windmanyň görkezmesiniň ähmiýetini kiçeltdi ýa-da onuň Birleşen Ştatlara ygrarlylygyny sorag astyna aldy.

Windmanyň watançylygyna şübhe bildirildi, AP tarapyndan sitirlenen uly adminstrasiýa resmileriniň käbiri milli howpsuzlyk resmisiniň prezident bilen Ukraina üstünde “syýasy oňuşmazlygynyň” bolandygyny aýtdy.

Wekil Şon Daffi (Sean Duffy (respublikaçy, Wiskonsin) Windmanyň Ukraina gatnaşygy onuň bir tarapa “baglydygyny” aňladýar we bu onuň pikirini ýoýup biler diýdi.

25-nji iýuldaky telefon söhbetdeşligi wagtynda Tramp Ukraina harby kömek üçin berilmeli 400 million dollara golaý serişdäni berdirmän saklap otyrdy.

Windman "Ukrainanyň goragy boýunça örän alada edipdir” diýip, Daffi CNN bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “Men onuň amerikan syýasaty babatda eden aladasyny bilmeýärin, emma onuň esasy missiýasy Ukrainanyň şol ýaraglary alanyna göz ýetirmek. Men muňa düşünýärin: Biziň hemmämiziň öz gelen ata watanymyz bilen baglanyşygymyz bar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki respublikaçylar Windamnyň tarapyny tutdular.

Wekil Liz Çeniý (Cheney) (respublikaçy-Wyoming) onuň watançylygyny tankytlamak “utanç” diýdi.

Orsýetdäki ozalky ilçi Maýkl Makfol, Moskwada Windman bilen bile işlän diplomat bu aýyplamalaryň esassyzdygyny aýtdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG