Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky otly ýangynynda azyndan 65 adam öldi, 40 adam ýaralandy


Gaz kanistri ýarylandan soň ýalna gaplanan wagon.
Gaz kanistri ýarylandan soň ýalna gaplanan wagon.

Merkezi Pakistanda otlynyň otlanmagyndan azyndan 65 adam öldi diýip, welaýat ministri 31-nji oktýabrda aýtdy.

"Hadysanyň bolan ýerinden gelen maglumata görä, 65-den gowrak adam öldi, 40-dan gowrak adam bolsa ýaralandy” diýip, Panjabyň saglyk ministri Dr. Ýasmin Raşid aýtdy. Ol ýaralylaryň ýerli hassahanalara ýerleşdirilendigini hem sözüne goşdy.

Häkimiýetler ýangynyň ýolagçylaryň käbiriniň, düzgüni bozup, ýanlary bilen alyp gelen gaz peçlerinde ertirlik taýýarlamagy netijesinde turandygyny aýtdylar.

Ýangyn Rahim Yar Khanşäheriniň golaýynda, Panjap welaýatynyň günortasynda turdy.

Otly Karaçiden ugrap, Rawalpindä barýardy diýip, ýerli media habar berdi.

XS
SM
MD
LG