Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky bosniýaly serb esgeri asuda musulmanlary otlany üçin 20 ýyl tussaglyga höküm edildi


Lalko lakamy bilen tanalýan Radomir Susnjar
Lalko lakamy bilen tanalýan Radomir Susnjar

Bosniýa-Herzegowina sudy ozalky bosniýaly serb esgerini 1992-1995-nji ýyllaryň Bosniýa urşunyň başynda 57 bosniýalyny otlany üçin 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Lalko lakamy bilen tanalýan, 64 ýaşyndaky Radomir Susnjar 30-njy oktýabrda talaňçylyk we gündogardaky Wisegrad şäheriniň golaýynda 26 adamy öldüren hadysada asuda adamlary bikanun tussag etmekde hem ýazgaryldy. Ölenleriň arasynda iki ýaşyndaky bäbek hem bardy.

Koritnik obasyna edilen hüjümden soň ele salnan bosniýaly musulmanlaryň topary bir jaýa salnyp, daşyndan gulplandy we ýangyn güýçlendiriji we partlaýjylar bilen oda berildi. Sud Susnjaryň we Bosniýa Serb goşunynyň beýleki esgerleriniň ýanýan jaýdan gaçyp gutulmaga synanyşan adamlary oka tutandygyny aýtdy.

Susnjar Bosniýanyň talaby boýunça yzarlanyp tutulýança Fransiýada ýaşady. Ol 2018-nji ýylda Bosniýa ekstradisýa edilýänçä Fransiýada dört ýyl tussaglykda saklandy.

XS
SM
MD
LG