Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we özbek prezidentleri telefonda gürleşdi


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen Hazar deňzinde gezim edýär. Arhiw suraty
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen Hazar deňzinde gezim edýär. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşdi.

TDH prezidentleriň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alşandyklaryny we gatnaşyklaryň häzirki derejesine kanagatlanma bildirendigini habar berýär.

Gepleşik mahalynda“serhetýaka hyzmatdaşlygy, Araly halas etmek we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak” meselelerine hem üns berildi.

Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana 2017-nji ýylyň martynda we 2018-nji ýylyň aprelinde sapar etdi.

Onuň üçünji saparyna görülýän taýýarlyk barada 16-njy awgustda, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň Aşgabatda bolan duşuşygynda maslahat edildi.

XS
SM
MD
LG