Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň başlygy Orsýetiň gündogar Ukrainadan çykmagyny talap edýär


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg ukrain kanun çykaryjylary bilen duşuşýar. 31-nji oktýabr, 2019.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Orsýetiň gündogar Ukrainadaky separatistlere goldawyny bes etmegini we rus güýçleriniň ählisini ukrain topraklaryndan çykarmagyny talap etdi.

Ol bu talaby Kiýewde Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen geçiren duşuşygyndan soňra etdi.

Zelenskiniň edarasy bu duşuşygyň 31-nji oktýabrda irden, delegatlaryň “dar çaginiň” gatnaşmagyna geçirilendigini aýtdy.

Gepleşiklerden soň Zelenskiyý we Stoltenberg Ukraina-NATO komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy we Stoltenberg bu ýerde Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegini NATO-nyň hiç wagt ykrar etmändigini tekrarlady.

Stoltenberg gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen ukrain hökümet güýçleriniň arasynda dowam edýän konflikti soňlamagy maksat edinýän parahatçylyk ylalşyklarynyň taraplaryň ählisi tarapyndan berjaý edilmelidigini aýtdy.

Şeýle-de Stoltenberg NATO-nyň Zelenskiniň konflikti parahatçylyk bilen çözmek ugrunda edýän tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.

Ol NATO-nyň Ukraina goranyşyny we ýaragly güýçlerini kuwwatlandyrmagy üçin ýardam berýändigini hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG