Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Gyrgyz taslamasy garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň işini “agsadar”


Adam hukuklaryby goraýan HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça ylmy barlagçysy Laura Mills
Adam hukuklaryby goraýan HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça ylmy barlagçysy Laura Mills

Human Rights Watch (HRW) kärdeşler arkalaşygy baradaky kanuna girizilmeli düzedişler taslamasynyň merkezi aziýa ýurdundaky garaşsyz kärdeşler arkalaşyklaryny “agsatjakdygyny” aýdyp, gyrgyz kanun çykaryjylaryny ony ret etmäge çagyrýar.

HRW-nyň 31-nji oktýabrdaky beýanatynda düzedişler taslamasy üçünji okaýyş üçin hödürlenende, parlamentiň ony yzyna gaýtarmalydygy, sebäbi olaryň “garaşsyz kärdeşler arkalaşygyny gurnamagy ‘agyr agsatjakdygy’, Täjigistanyň gol çeken halkara zähmet şertnamalaryna hem ters gelýändigi” aýdylýar.

“Gyrgyzystan ýygnanyşmak azatlygyny goramaly we oňa ýardam bermeli, onuň aşagyny köwmegiň ýoluny gözlemeli däl” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklary guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça ylmy barlagçysy Laura Mills aýtdy.

HRW düzediş taslamalarynda senagat we regional kärdeşler arkalaşyklarynyň milli federasiýa, Gyrgyzystanyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasyna goşulmagyny talap edýär, bu hökümet tarapyndan ykrar edilýän ýeke-täk kärdeşler arkalaşygy bolar.

XS
SM
MD
LG