Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Ýokary sudy Lew Ponomarýowyň Adam hukuklary hereketini ýatyrdy


Lew Ponomarýow
Lew Ponomarýow

Orsýetiň Ýokary sudy Lew Ponomarýowyň “Adam hukuklary üçin” hereketini ýatyrdy diýip, “MBH medianyň” habarçysy suduň zalyndan habar berýär. Bu guramanyň işi köp sanly düzgün bozmalar üçin gadagan edildi.

Aklawçylar bu jezanyň aşa gazaply bolandygyny aýdyp, aýak depdi, Ponomaýowyň özi hökümden şikaýat etjekdigini aýtdy.

Hereket ýatyrylmazyndan öň döwlet grantlaryndan mahrum edildi we daşary ýurt agentleriniň sanawyna girizildi.

Adalat ministrliginiň tapan düzgün bozmalarynyň arasynda guramanyň 2014-nji ýyldaky soňky gurultaýynda kabul edilen düzgünnamada aýdylýan zatlar, Raýat kodeksine girizilen düzedişler bilen bir ýere sygmaýan zatlar hem bar.

Ýatyrmak baradaky talapnamada "Roskomnadzoryň" bu herekete daşary ýurt agenti diýip ykrar edilmegi netijesinde salan jerimeleri hem ýatlanylýar.

XS
SM
MD
LG