Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Yragyň demonstrasiýaçylaryň talaplaryna gulak asmalydygyny aýdýar


Maýk Pompeo
Maýk Pompeo

Bagdatdaky anti-hökümet protestleriniň dowam etmegi bilen, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo yrak hökümeti yrak halkynyň “kanuny talaplaryna gulak asmaly diýýär.

“Birleşen Ştatlar yrak hökümetiniň yrak jemgyýetinde dowam edýän problemalaryçözmegi üçin edýän islendik çynlakaý tagallasyny gutlaýar” diýip, Pompeo 1-nji noýabrda, Bagdatda bir aýdan bäri dowam edýän protestleriň iň uly ýygnanyşygynyň öňünden aýtdy.

Tapgyrlaýyn geçirilen protestler mahalynda 250-den gowrak adam öldi, 12 müň adam bolsa ýaralandy. Protestçiler korrupsiýa we işsizlik sebäpli gahar-gazplaryny bildirdiler, Eýranyň Yragyň işlerine goşulmagyny tankyt etdiler.

Berilýän maglumatlara görä, 1-nji noýabrda golaýda alan ýaralary netijesinde 5 adam öldi, iň ýakynda geçirilen protestler mahalynda, howpsuzlyk güýçleriniň märekäni dargratmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok ulanmagy netijesinde, azyndan 350 adam ýaralandy.

Pompeo taraplaryň ählisini zorlugy ret etmäge çagyrdy we yrak halky “hakyky jogapkärçilige we adalata mynasyp” diýdi, hökümetiň oktýabryň başynda bolan zorluklar boýunça geçiren öňki derňewleriniň “ynamdar” bolmandygyny aýtdy.

Şeýle-de Pompeo Yragyň prezidenti Barham Salihiň golaýda metbugat we pikir beýan etmek azatlygyna garşy girizen “gazaply çäklendirmeleriniň” “gowşadylmalydygyny” aýtdy.

Amnesty International (AI) Bagdatdaky howpsuzlyk güýçleriniň märekä garşy harbylaryň ulanýan göz ýaşardyjy gaz granatlaryny ulanyp, olaryň aýylganç ýaralanmalaryna sebäp bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG