Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inguşystanyň anti-ekstremizm merkeziniň başlygy Moskwada dogany bilen bile atylyp öldürildi


 Ibragim Eldžarkiýew
Ibragim Eldžarkiýew

Rus IIM-niň Inguşystandaky Anti-ekstremizm merkeziniň başlygy 2-nji noýabrda Moskwada atylyp öldürildi.

Derňew komiteti 36 ýaşyndaky maýor Ibragim Eldžarkiýewiň Moskwanyň Troparewo-Nikulino etrabyndan atylyp öldürilen iki erkegiň biri bolandygyny tassyk etdi.

Beýleki pida, aýdylmagyna görä, Eldžarkiýewiň Moskwada neýrohirurg bolup işleýän dogany Abdulahmed.

Derňew maglumatyna görä, hüjümçi azyndan dokuz ok atdy, öz pidalarynyň diri galmazlygy üçin kontrol oklaryny hem atdy. Ol soňra gaçyp gutuldy. Bu iş boýunça jenaýat derňewi açyldy.

Ady aýdylmadyk hukuk goraýjy çeşmäniň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugyna aýdan sözlerine görä, resmiler bu ganhorlugy Eldžarkiýewiň işi bilen baglanyşykly hasaplaýar.

Eldžarkiýew ýanwar aýynda görnetin kast ediş synanyşygyndan aman galdy. Ýöne şol gezek, Inguşystan bilen Çeçenistanyň araçägine golaý bir ýerde bolan atyşykda onuň üç janpenasy ýaralandy.

Ol Anti-ekstremizm merkeziniň başlyklygyna geçen ýyl, öňki başlyk Timur Khamkhoýew alty sany tussagy gynandygy üçin ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilenden soň bellendi.

XS
SM
MD
LG