Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň prezidenti Ukrainada žurnalistleriň şahsy maglumatlarynyň paş edilmek haýbatyny ýazgarýar


Orsýete gaçan prezident Wiktor Ýanukowiçiň prezident diwanynyň ozalky başlygy Andriý Portnow

AÝ/AR-nyň prezidenti ukrain parlamentiniň ozalky deputaty Andriý Portnowyň kompaniýanyň sürüjisi hakynda şahsy maglumatlaryň üstüni açmagyny we AÝ/AR žurnalistleriniň şahsy maglumatlaryny çap etmek haýbatyny atmagyny ýazgaryp çykyş etdi.

“AÝ/AR Ukrain gullugynyň “Shemalar” programmasynyň žurnalistleriniň we işgärleriniň golaýdaky ýanalmalaryny berk ýazgarýar” diýip, AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý 2-nji noýabrdaky beýanatynda aýtdy.

"Bu kabul ederlik däl, şeýle-de görnüşinden, Ukrainada islendik adamyň şahsy maglumatlarynyň üstüniň açylmagy, fiziki zyýan ýetirmek haýbatynyň atylmagy, ýa-da žurnalistlere öz professional işleri üçin başgaça görnüşde basyş görkezilmegi bikanun bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu beýanat Portnow öz telegram hasabynda, bu programmanyň Portnowy we onuň häzir ukrain hökümetinde işleýän resmiler bilen edýän gatnaşyklaryny derňeýändigi sebäpli, “Shemalar” programmasynyň önümçilik toparynda sürüji bolup işleýän adamyň şahsy maglumatlaryny çap edeninden bir gün soň edildi.

Portnow “Shemalar” programmasynyň žurnalistleri we beýleki işgärleri barada hem şu hili şahsy maglumatlary çap etmek haýbatyny hem atdy.

Portnow ozal häkimiýetden agdarylan we 2014-nji ýylyň fewralynda Orsýete gaçan prezident Wiktor Ýanukowiçiň prezident diwanynyň başlygy boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG