Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energiýa hyzmatdaşlygyna taýýardygyny aýdýar


Reşit Meredow

Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýdýar diýip, Orsýetiň “Nowosti” habar gullugy türkmen resmisine salgylanyp habar berýär.

2-nji noýabrda Daşkende Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň mejlisi geçirildi we oňa wise-premýer Reşit Meredow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmen DIM-i Meredowyň ŞHG agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende barandygyny we bu saparyň çäginde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşandygyny habar berýär, emma başga detallary aýtmaýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu gurama ne agza, ne-de synçy hökmünde gatnaşýar.

Rus habar gullugynyň ýazmagyna görä, Meredow mejlisde Aşgabadyň energiýa serişdelerini ibermek boýunça ŞHG ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

“Şu günki günde biziň öňümizde energiýa serişdelerini ibermek ulgamynyň durnuklylygyny, onuň diwersifikasiýasyny, howpsuzlygyny we ynamdarlygyny üpjün etmek wezipesi dur. Türkmenistan bu ugurda ŞHG döwletleri bilen ulgamlaýyn we köp planly hyzmatdaşlyga taýýar” diýip, habarda türkmen resmisiniň sözleri getirilýär.

Meredowyň sözlerine görä, bu gurama girýän ýurtlar bilen edilen hyzmatdaşlyk esasynda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý, Türkmenistan-Eýran gaz geçiriji taslamalary durmuşa geçirildi, häzirki pursatda bolsa, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.

Energiýa meselelerinden başga, Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen ulag hyzmatdaşlygyna hem gyzyklanýar we ŞHG ýurtlaryny “Merkezi Aziýa - Hazar deňzi - Gara deňiz” koridoryny we Baltika tarap gatnawlary ýola goýmaga gatnaşmaga çagyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG