ABŞ 2015-nji ýylda baglaşylan Pariž klimat ylalaşygyndan çykmak boýunça resmi prosese başlady. Bu barada döwlet sekretary Maýk Pompeo 4-nji noýabrda mälim etdi.
Prezident Donald Tramp saýlaw kampaniýasyny alyp barýarka, bu ylalaşyga çürt-kesik garşy çykypdy. Ol munuň biznese ýaramaz täsir ýetirýändigini we beýleki döwletlere artykmaçlyk berýändigini belläpdi.
Pompeo degişli resmi dokumentleriň BMG-e tabşyrylandygyny aýtdy.
Munuň bilen ylalaşykdan çykmak boýunça resmi proses başlanýar. Emma, bir ýyl möhlet geçmeýänçä bu resmi taýdan güýje girmeýär.
Gürrüňi gidýän klimat ylalaşygyna dünýäniň 200-den gowrak döwleti gol goýupdy. Olaryň her biri kömürturşy gazlarynyň çykyşyny çäkledirmek boýunça öz üstüne borçnamalary alypdy.
Pompeo beýanatynda Waşingtonyň kömürturşy gazlary çäklendirmek boýunça geçiren işlerini belledi. Ol Pariž ylalaşygynyň “ABŞ-nyň ykdysadyýetine adalatsyz urgy bolandygyny” hem sözüne goşdy.
ABŞ Pariž ylalaşygyndan çykan ilkinji döwlet boldy.