Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin içalyçylykda aýyplanýan bolgariýala Moskwada orden gowşurdy


Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Nikolaý Malinow. Moskwa. 4-nji noýabr, 2019 ý.
Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Nikolaý Malinow. Moskwa. 4-nji noýabr, 2019 ý.

Rus prezidenti Wladimir Putin Bolgariýada Russiýanyň bähbidine içalyçylyk etmekde aýyplanýan bolgariýalyny “Dostluk Ordeni” bilen sylaglady.

Ordeniň gowşurylyş dabarasy 4-nji noýabrda Moskwada geçdi.

Mundan öň, bolgariýaly sudýa Nikolaý Malinowa ýurtdan bäş günlük möhlet bilen çykmaga rugsat beripdi.

Malinow Bolgariýanyň Sosialist Partiýasyndan parlamentiň agzasy bolupdy. Ol häzir Russiýanyň tarapynda çykyş edýän hökümete degişli bolmadyk gurama ýolbaşçylyk edýär.

Sentýabrda ol içalyçylykda we iki rus kompaniýasy üçin pullary ýuwmakda aýyplandy.

Prokuratura Malinowy bu guramalar bilen bilelikde işläp, Sofianyň Günbatar we Russiýa babatyndaky syýasatyna täsir ýetimek synanyşygynda aýyplaýar.

Malinow sentýabrda girewine pul goýmak esasynda azatlyga goýberildi. Şol bir wagtda, onuň ýurtdan çykmagyna gadagançylyk girizildi.

Emma, Ýörite Jenaýat Sudunyň kazysy Andon Mitalow onuň 1-5-nji noýabr aralygynda ýurtdan çykmagyna rugsat berdi.

XS
SM
MD
LG